Metbugatda şu ýyl Lebap welaýatynda ekiljek gök-bakja ekinleri barada maglumat berildi

Metbugatda şu ýyl Lebap welaýatynda ekiljek gök-bakja ekinleri barada maglumat berildi

Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy fewralda ýurdumyzyň birnäçe sebitinde, şol sanda Lebap welaýatynda hem ýazlyk ýeralma ekişine badalga berildi. Şeýlelikde, Jeýhun ýakasyndaky mes toprakda möwsümiň ilkinji işlerine girişildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Şu ýyl welaýatda 2300 gektar meýdana ýeralma ekiler. Şunça ýeriň 1400 gektary ýazlyk, 900 gektary güýzlük ýeralma üçin niýetlenendir. Sebitde ýazlyk ekinden 19600, güýzlükden bolsa, 12600 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Gündogar sebitde ýeralma ýetişdirmekde Çärjew etraby aýratyn tapawutlanýar. Türkmenabady etekläp oturan etrapda ýylyň dowamynda 650 gektar ýere bu möhüm azyklyk ekin ekiler. Şonuň 400 gektary ýazlyk, galan 250 gektary güýzlük ekine niýetlenip, ondan ýylyň dowamynda 9100 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

2021-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Dänewde şu ýyl 500 gektar ýere ýeralma ekiler. Şunça ýeriň 380 gektarynda baharda, 120 gektarynda iýul bilen awgustyň sepgidinde ekiş geçirmek meýilleşdirilýär. Dänewli daýhanlar göz öňünde tutulýan 7 müň tonna hasylyň 5320 tonnasyny ýazlyk, 1680 tonnasyny güýzlük ýeralmadan almagy maksat edinýärler.

Welaýatda ýeralma ýetişdirmek boýunça ilkinji üçlüge Saýat etraby hem girer. Etrapda ýylyň dowamynda 380, şol sanda ýazlyk 200, tomsuň örküjinde 180 gektara ýeralma ekiler. Şunda ýazlyk ekinden 2 müň 800, güýzlükden bolsa, 2520 tonna hasyl almak maksat edinilýär.

Şu ýyl sebitde ýazlyk ekin üçin taýýarlanan 5625 gektar ýeriň 545 gektaryna pomidor ekiler. Şunça ýerden 13 müň 625 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.Pomidor ýetişdirmekde iň uly paý Saýat etrabyna degişli bolar.

Etrapda 110 gektar ýerden 2750 tonna pomidor almak göz öňünde tutulýar.Bu möhüm azyklyk ekini iň kän ekjek etraplaryň ilkinji üçlügine Halaç we Dänew etraplary hem girýär.Halaçda 90 gektar ýerden 2250, Dänewde 65 gektar ýerden 1625 tonna hasyla garaşylýar.

Gündogar welaýatda hyýar diňe ýazlyk möwsümde ekiler. Munuň üçin jemi 50 gektar ýer bölünip berildi. Gektar başyna 200 sentnerden, jemi 1000 tonna hyýar almak göz öňünde tutulýar. Hyýar 6 etrapda ekiler.

Edil ýeralma ýaly, sogan hem iki möwsümde-de ekilmegi göz öňünde tutulýan azyklyk önümleriň biri. Sebitde iki möwsümde 1800 gektar ýere sogan ekiler, onuň deň ýary bahara degişli bolup, galan ýaryny hem güýzde ekmek meýilleşdirilýär. Her möwsümde 22 müň 500 tonna hasyla garaşylýar.

Sogan ýetişdirmek işine hem welaýatyň ähli etraplarynyň daýhanlary gatnaşarlar. Olardan Döwletli we Çärjew etraplarynda bu ekin köp ekiler. Şu ýyl Farap, Saýat we Halaç etraplarynyň her birinde 200 gektar ýere sogan ekilip, 5000 tonnadan gowrak hasyl almak meýilleşdirilýär.

Şu ýyl gündogar sebitdäki kelemli atyzlary 180 gektara ýetirip, 4500 tonna hasyl almak maksat edinilýär. Kelem Jeýhun ýakasyndaky etraplarda, esasan, bahara degişli bolar. Bu gezek hem iň uly paý Çärjew etrabyna düşýär. Etrapda 60 gektar ýere kelem ekilip, 1500 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Bahardaky käşir ekişi diňe üç etrapda — Çärjewde, Dänewde we Saýatda meýilleşdirilýän bolsa, güýzlük käşir ekişi ähli etraplarda alnyp barlar. Baharda 300 gektar ýere käşir ekjek çärjewliler güýzde 170 gektar bilen ýene-de iň uly paýy öz egnine alarlar. Bu gezek 3060 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Şu baharda sebitde 2100 gektar ýerden bakja önümleriniň 42 müň tonnasyny almak meýilleşdirilýär.

Öňümizdäki güýzüň bosagasynda köpçülikleýin ekiljek ekinleriň hatarynda mäşdir noýba-da bar. Welaýatda şu ýyl 3100 gektar ýere ekiljek mäşden 4650 tonna, 220 gektar noýba meýdanyndan bolsa, 330 tonna hasyla garaşylýar. Mäş ýetişdirmekde iň uly paý Saýat we Halaç etraplaryna (her birinde 700 gektar) noýbada Çärjew, Saýat we Halaç etraplaryna (her birinde 40 gektar) degişlidir.

Welaýatda gök we bakja ekinlerini ýetişdirmek, olary uzak wagtlap terligine saklamak üçin ýeterlik şertler bar. Häzir sebitde müňlerçe tonnalyk sowadyjyly ammarlar gije-gündizleýin işledilýär. Olaryň sanynyň ýyldan-ýyla artýandygyny hem nygtamak gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy
Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar
Türkmenistan ýeralma we sogan önümçiligini giňeldýär
Ýer-suw meselesi, emeldar çalyşmalarynyň aýdylmaýan sebäbi köp sorag döredýär
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Darganatada onlarça daýhanyň ekerançylyk ýerleri ellerinden alyndy
Tok, suw we gaz üpjünçiliginde yzygiderli ýüze çykýan bökdençlik ýerli ýaşaýjylary ýadadýar Lebap