Sosial media ägirdi Meta söz we tekst terjimelerinde ulanyljak köp dilli emeli intellekt modeli SeamlessM4T bilen tanyşdyrdy.
TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Metanyň täze köp dilli emeli intellekti: SeamlessM4T-iň üstünde durup geçmek isleýäris.
SeamlessM4T tekstleri we sesi gaýtadan işläp bilýän nerw ulgamy hökmünde “100-e golaý dil” üçin tekstden gepleşige, gepleşikden tekste, gepleşikden gepleşige we tekstden tekste terjimeler edip bilýär.
Meta bu emeli intellekti özgertmegindäki maksadynyň, dürli dillerde gürleýän adamlaryň biri-birleri bilen has netijeli aragatnaşyk gurmagyna kömek bermekdigini aýdýar.
“SeamlessM4T” tanyşdyrylyş çäresinde Meta, Duglas Adamsyň nusgawy ylmy fantastika seriýasy Awtostopçynyň galaktikadaky gollanmasy filmindäki toslama balyk bolan we gulagyna dakylanda islendik dili şol bada terjime edip bilýän Babel balyga salgylandy.
Babel Balyk ýaly, SeamlessM4T bilen hem adamlaryň arasyndaky dil meselesini ortadan aýyrmagy maksat edinýär.
Babel balyk ýaly ähliumumy dil terjimeçisini döretmek kyn, sebäbi bar bolan gepleşik-gepleşik we gepleşik-tekst ulgamlary dünýä dilleriniň diňe az bölegini öz içine alýar.
Meta, enjam görnüşindäki terjime gurallaryny hödürleýän ilkinji emeli intellekt kompaniýasy däl.
Google Terjime 2006-njy ýyldan bäri enjam görnüşindäki terjime tehnikalaryny ulanýar we GPT-4 ýaly uly dil modelleri dilleriň arasynda terjime etmek ukyba eýedigi bilinýär.
Emma soňky döwürde tehnologiýa ses işleýiş frontyna gönükdi.
Sentýabr aýynda OpenAI sesdäki gepleşigi tanap bilýän we ony ýokary takyklyk bilen tekste terjime edip bilýän “Whisper” atly açyk çeşmeli gepleşigi tekste öwürip bilýän modelini çykardy.
“SeamlessM4T” multimodal terjimesini başga-da köp dile giňeltmek arkaly bu tendensiýa esaslanýar.
Habar Çeşmesi: TRT Haber
TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Metanyň täze köp dilli emeli intellekti: SeamlessM4T-iň üstünde durup geçdik.