
Meta kompaniýasynyň wekiliýeti Özbegistanyň paýtagtyna bolan saparynyň dowamynda Daşkendiň IT-parkynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk etmek we öz wekilhanasyny açmak barada gepleşikleri geçirdiler. Bu barada duşenbe güni parkyň metbugat gullugy habar berdi.
Daşkendiň IT-parky ("Programma önümleriniň we maglumat tehnologiýalarynyň tehnologik parkynyň direksiýasy" JÇJ) 2019-njy ýylyň ortalarynda açylypdyю. Üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemi boýunça parkyň 750 töweregi rezidenti bar, ýarym ýylyň içinde olar 2,3 trln somlyk (230 mln dollar töweregi) hyzmatlary bitirdiler. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça olar 100 mln dollarlyk hyzmatlary eksport ederler diýip garaşylýar.