Mesud Pezeşkiýan Türkiye-Eýran gatnaşyklary barada beýanat berdi

Mesud Pezeşkiýan Türkiye-Eýran gatnaşyklary barada beýanat berdi

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan wezipä başlanyndan soň paýtagt Tähran şäherinde geçirilen ilkinji metbugat ýygnagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Mesud Pezeşkiýan Türkiye-Eýran gatnaşyklary bilen bagly soraga: "Türkiye biziň dostumyz we doganymyzdyr. Goňşuçylyk gatnaşyklaryndan öte garyndaşlyk gatnaşyklaryna eýediris. Aramyza serhet çekdiler, ýogsam serhediň bu tarapam, beýleki tarapam birdir. Ynançlarymyz we medeniýetimiz eriş-argaçdyr. Türkiye bilen gatnaşyklarymyzy çürt-kesik güýçlendirmelidiris" diýip belledi.

Ozalky hökümediň goňşy ýurtlar bilen gowy gatnaşyklary ileri tutýan syýasatyny dowam etdirjekdiklerini aýdan Pezeşkiýan, Türkiye bilen Eýranyň arasynda 30 milliard dollarlyk daşary söwda kuwwadyna ýetmek üçin näme etmek isleýändikleri bilen bagly soraga bolsa, umumy maýa goýumlary göz öňünde tutup: "Türkiyede we Eýranda umumy maýa goýumlaryň diňe bu iki ýurtda däl, eýsem Pakistanda, Owganystanda we sebitiň beýleki ýurtlarynda hem amala aşyrylmagyny arzuw edýäris" diýip nygtady.

Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan Türkiyä çürt-kesik sapar gurajakdygyny beýan etdi.

Asly türk bolan Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan iýul aýynda wezipä başlapdy.

Ýene degişli makalalar

“Azatlykda” özüni tapan’ žurnalist
Türkmenistanyň Prezidenti Mustafa Atatürki hatyralady
Pakistanyň Maýa goýum geňeşi TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak isleýär
Milli mirasymyzyň halkara derejesindäki dabaralanmasy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Ýurdumyzyň täsin çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi