Messiniň 400-nji goly

Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” öz meýdançasynda Luiz Suaresiň 2, Messiniň 1 goly bilen “Eibary” 3-0 hasabynda utdy.Duşuşykda 1 gezek tapawutlanan Lionel Messi “La Ligadaky”400-nji goluny geçirdi. Şunlukda, ol Ýewropanyň TOP 5 ligasynda 1 çempionatda (Ronaldo 3 çempionatda 400-den köp gol geçiripdi) 400 gola ýeten ilkinji futbolçy boldy.

Madridiň “Realy” bolsa, myhmançylykda “Betisi” Kabellosyň soňky minutlardaky goly bilen 21 hasabynda ýeňdi. “Atletiko” öz meýdançasynda “Lewanteni” Grizmannyň penalti goly bilen 10 hasabynda utdy.

Angliýanyň “Premier ligasynda” sanawyň lideri “Liwerpul” myhmançylykda “Braýtony” iň kiçi hasap bilen ýeňmegi başardy. Ýeke-täk goly 50-nji minutda penaltiden Mohamed Salah derwezä girizdi. “Çelsi” kynlyk bilen hem bolsa “Nýukasldan” 21 üstün çykdy.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Mançester Ýunaýted” täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda çempionatdaky bassyr 5-nji ýeňşini gazandy.Mankunianlar myhmançylykda öňdebaryjylardan “Tottenhamy” Markus Reşfordyň goly bilen 10 utdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýyldyzy kärhanasy TSSE-niň Sergi merkezinde guralýan sergide kabel-sim önümlerini hödürleýär
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
40 dile terjime edýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ankarada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”