Messiniň 100-nji goly

UEFA Çempionlar ligasynda toparçadaky 3-nji duşuşyklar geçirildi. 16 oýunda 54 gol geçirilip, 1 duşuşykda hasap açylmady. 6 oýunda myhmanlar ýeňiş gazandy. 4 duşuşykda-da ýeňiş gazanan bolmady. “Mançester Ýunaýted”, PSŽ, “Barselona”, “Mançester Siti” we “Beşiktaş” toparlary 3-nji oýunlarynda ýeňiş gazanyp, utuklaryny 9-a ýetirdiler we indiki tapgyra çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldular. “Benfika”, “Anderleht”, “Olimpiakos”, “Feýenoord” klublary bu tapgyrda-da ýeňildiler. “Portony” 32 hasabynda utan liganyň debýutanty “Leipsig” ilkinji ýeňşini, “Karabag” bolsa, öz meýdançasynda “Atletiko” bilen deňme-deň oýnap, ilkinji utugyny gazandy.

Iňlis toparlarynyň 5-si hem 3-nji oýunlarda-da ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdiler.Olar jemi 15 oýunda 11 gezek ýeňiş gazandylar.“A” toparçada myhmançylykda “Bazel” Moskwanyň SSKA-syny 20, “Mançester Ýunaýtedem” “Benfikany” 10 hasabynda utdy. “B” toparçada PSŽ üçin “Anderlehti” ýeňmek kyn düşmedi.

Parižliler 40 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Ýupp Haýnkesi gaýtadan tälimçilige bellän “Bawariýa” topary “Seltigiň” torundan jogapsyz 3 pökgi girizdi. “C” toparçada ilkinji gezek gatnaşýan “Garabag” bilen “Atletikonyň” arasyndaky oýunda hasap açylmady.

Fransiýaly emin Ruddi Bukeniň oýnuň soňky 15 minutyny 1 oýunçy kem oýnan “Garabagyň” penaltsini bermändigini hem ýatladalyň. 6 goluň geçirilen duşuşygynda “Çelsi” bilen “Roma” 1 utugy paýlaşdy.Ilki ýer eýeleri 20 öňe saýlandy.

Soňra myhmanlar 32 öňe çykdy. 75-nji minutda-da Hazard hasaby deňlän oýunçy boldy. “D” toparçada “Barselona” “Olimpiakosdan” 31 hasabynda üstün çykdy.Pikeniň gyzyl petek alan duşuşygynda 1 gezek tapawutlanan Lionel Messiniň Ýewrokuboklardaky gollarynyň sany 100-e ýetdi. “Olimpiakosyň” ýeke-täk goluny 90-njy Nikolau derwezä girizdi.

Ol 18-nji minutda-da ýalňyşlyk bilen topy öz torundan geçirip hasaby açypdy. “Ýuwentus” kynlyk bilenem bolsa, “Sportingden” 21 hasabynda üstün çykdy.“E” toparçadaky oýunlar köp golly boldy.

Iňlisleriň meşhur kluby “Liwerpul” myhmançylykda “Maribory” 70 hasabynda utup, taryhy ýeňişleriniň birini gazandy.Bu oýun Çempionlar ligasynda 70 hasabynda tamamlanan 9-njy, myhmançylykda şeýle hasap bilen gutaran 3-nji duşuşyk diýlip bellenildi.

Oýunda Firmino we Salah 2 gezekden tapawutlandy.Moskwanyň “Spartagy-da” Promesiň 2 gol geçiren oýnunda “Sewilýany” 51 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “F” toparçada häzirki wagtda öz çempionatlarynda ýeňlişsiz öňde barýan “Mançester Siti” bilen “Napoliniň” duşuşygynda ýeňiş iňlis klubunyň tarapynda boldy.

Oýunda “napolili” Mertensiň penalti urgusyndan dürs peýdalanyp bilmändigini hem belläliň. “Şahtýor” Bernardyň gollary bilen “Feýenoorddan” 21 hasabynda üstün çykdy. “G” toparçada Jenk Tosunyň 2 goly bilen “Monakony” ýeňen “Beşiktaş” utugyny 9-a çykardy. “Leipsig” öz meýdançasynda “Portony” 32 hasabynda utdy. “H” toparçadaky 2 oýnam 11 hasabynda deňlikde tamamlanyp, APOEL Dortmundyň “Borussiýasy” bilen, “Realam” Madridde “Tottenham” bilen 1 utugy paýlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Günüň transfer täzelikleri
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
“Aýaks” öňdebaryjylaryň hatarynda