Messiden öňe geçdi, Ronaldodan soň 2-nji ýerde barýar

/* custom css */ .td_uid_19_60c006b448385_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c006b448385_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Futbol boýunça 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyry Aziýa yklymynda dowam edýär.

Yklymyň 2-nji saýlama tapgyrynyň wagty süýşürilen oýunlarynda “E” toparçada Hindistanyň ýygyndysy myhmançylykda Bangladeşiň ýygyndysyny 2-0 hasabynda ýeňdi.Hindistanlylara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de toparyň ýyldyz hüjümçisi Sunil Çetri öz adyna ýazdyrdy.

Bu onuň milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen geçiren 73-74-nji gollary boldy. Şunlukda, ol häzirki wagtda karýerasy dowam edýän futbolçylaryň arasynda milli ýygyndyda iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda argentinaly super ýyldyz Lionel Messiden (72 gol) hem-de katarly Ali Mabhutdan (73 gol) öňe geçip, 2-nji orna beýgeldi. 36 ýaşyndaky hüjümçi bu ugurda 103 gol bolan Kristiano Ronaldodan soň 2-nji ýerde barýar. Çetri umumylykda milli toparda iň köp gol geçiren 10-njy futbolçydyr.

Ýene degişli makalalar

Çärýek we ýarym final oýunlary
Çempion 1-nji fewralda belli bolar
Yklymyň täze çempiony
Uly hasaply ýeňişler
4 ýylda 4 kubok (makala)
Ýylyň 8 aýynda 11 ýurda ary bal eksport edildi