Messiden 3 gol, 2 asist

Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Günorta Amerika zolagynda 10-njy duşuşyklar oýnaldy.Argentinanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Boliwiýany 6-0 hasabynda ýeňip, garşydaşyny derbi-dagyn etdi.

Duşuşykdaky gollaryň 5-sine Lionel Messiniň gönümel goşandy bolup, ol duşuşygy 3 gol, 2 asist bilen tamamlady.Super ýyldyz 19-njy, 84-nji we 86-njy minutlarda tapawutlanyp, 43-nji minutda Lautara Martinesiň, 45+3-nji minutda-da Hulian Alwaresiň gollarynyň pasyny berdi.

Duşuşykdaky beýleki goly bolsa 69-njy minutda Molinanyň pasyndan soň Tiago Almada öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, Argentina 6-0 hasabynda ýeňip, sanawyň başyny çekmegini dowam edýär.

3 gol geçiren Messiniň het-trikleriniň sany 58-e ýetdi.Bu görkeziji boýunça Ronaldodan soň 2-nji ýerde barýan Messi milli toparda 10-njy het-trigini edip, portugaliýaly super ýyldyz bilen deňleşdi.

Messi soňky gezegem milli toparda 2021-nji ýylda resmi duşuşykda Boliwiýanyň derwezesinden 3 gol geçiripdi. Şeýle-de, Messiniň milli topardaky gollarynyň sany 112-ä ýetdi.Onuň Ronaldodan 21 goly az.

Ýene degişli makalalar

Messi penaltini geçirip bilmedi, şonda-da argentinler ýarym finala çykdy
16 duşuşyk 48 gol
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi