Angliýanyň paýtagty Londondaky Wembley stadionynda oýnalan Finalissima (Uly final) duşuşygynda ýeňiş myhmanlaryň tarapynda boldy. Ýagny Ýewropanyň çempiony Italiýa bilen Günorta Amerikanyň çempiony Argentinanyň arasyndaky duşuşykda olaryň ikinjisi uly hasap bilen garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi.
Argentinalylaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda Messi we ýoldaşlary tango tansyny görkezdi.Duşuşygyň 28-nji minutynda Lionel Messiniň ajaýyp pasyndan soň Lautara Martines hasaby açdy.Birinji ýarym tamamlanyp barýarka-da, has takygy, 45+1-nji minutda bu gezek Lautara Martinesiň pasyndan soň Anhel Di Mariýa topy derwezeçi Janluiji Donnarummanyň üstünden aşyryp goýberdi we hasaby 2-0-a çykardy.
Ikinji ýaryma oýunçy çalşyklary bilen başlan Italiýanyň ýygyndysynyň bu taktikasy-da oňyn netije bermedi. 2-nji ýarymda oýnuň depgini az-owlak pesräk bolan hem bolsa, argentinler birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler.
Hatda duşuşygyň belli wagty 60-75-nji minutlary aralygy meýdançadaky PSŽ-li futbolçylaryň arasynda geçdi. Ýagny Di Mariýa bilen Messiniň birnäçe urgusyny Donnarumma sowmagy başardy.Italiýaly derwezeçi hasabyň has-da artmagynyň öňüni alyp, belli bir derejede toparyny uly hasaply ýeňlişden halas etdi.
Oýnuň 90+1-nji meýdança giren Paulo Dibala 3 minut soň (90+4) super ýyldz Messiniň pasynda topy derwezä gönükdirip, duşuşyga soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, bu ýeňliş Dünýä Kubogynyň daşynda galan Italiýa üçin ýene bir uly urgy boldy.
Güýçli garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňen argentinaly futbolçylar Finalissima kubogyny asmana göterdi.Bu Lionel Messiniň ýygyndydaky 2-nji kubogy boldy. Ähli ugurlary (syýasy, Folklend adalary, futbol, Maradona, Taňrynyň eli Meksika 1986…) göz öňünde tutanyňda argentinler üçin köne bäsdeşiniň öýünden kubokly dolanmak diýseň ýakymly boldy.
Italiýa Argentinany 35 ýyldan bäri ýeňmek başardanok. Soňky gezek italýanlar 1987-nji ýylda ýoldaşlyk duşuşykda ýeňipdi. Şondan bäri oýnalan 5 duşuşykda argentinler öňe saýlanan tarap boldy.
Italiýanyň ýygyndysy myhmançylykda, has takygy, Italiýanyň daşynda oýnan duşuşyklarynda 19 oýundan soň ilkinji gezek utuldy.
Soňky gezek 2019-njy ýylyň iýulynda utulan Argentinanyň ýygyndysy 32 oýundan bäri ýeňilmän gelýär (21 ýeňiş, 11 deňlik).
Italiýanyň ýygyndysynyň kapitany Giorgi Kiellini 117-nji gezek meýdança çykyp, milli topardaky soňky duşuşygyny geçirdi.