
Pariž şäherinde Fransiýanyň France Football gazeti tarapyndan geçen möwsümiň jemleri boýunça Altyn top baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Geçirilen ses berlişigiň netijelerine laýyklykda, baýraga ABŞ-nyň Inter Maýami klubynyň hem-de Argentinanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Lionell Messi mynasyp boldy.
Argentinaly superýyldyz geçen möwsümde Fransiýanyň PSŽ toparynyň düzüminde Liga 1-de 32 oýunda meýdança çykyp, 16 gol urdy hem-de 16 golly pas berdi. Şeýle-de, Messi ÝÇL-de dört gola awtorlyk edip, dört gezek hem gola assistentlik etdi.
Mundan başga-da, Lionell Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilen DÇ-2022-de çempion bolmagy başardy. Ol mundialdaky ähli oýunda meýdança çykyp, turnirde öz adyna 7 gol ýazdyrdy (şolaryň ikisi finalda) we 2 sany gola pas berdi.