Messi penaltini geçirip bilmedi, şonda-da argentinler ýarym finala çykdy

Kopa Amerika çempionatynda ilkinji ýarym finalçy belli boldy.Soňky çempion Argentinanyň ýygyndysy kynlyk bilenem bolsa adyny iň gowy 4 toparyň hataryna goşmagy başardy.Hýuston şäherinde geçirilen duşuşykda Argentinanyň ýygyndysy Ekwadoryň ýygyndysy bilen duşuşdy.

Oýnuň 35-nji minutynda bu gezek Lautara Martines däl-de, goragçy Lisandro Martines tapawutlandy.Ekwadorlylar bu gola oýnuň soňky minutlarynda jogap berdi. 90+2-nji minutda Hose Rodriges hasaby deňlemegi başardy.

Oýundan soň goşmaça wagt berilmezden gönümel penalti urgularyna geçildi.Penalti urgularynda-da argentinleriň ilkinji urgusyny uran super ýyldyz Lionel Messi topy derwezä salyp bilmedi.Onuň urgusy sütünden yzyna gaýtdy.

Netijede, Argentinadan Alwaresiň, MakAllisteriň, Montieliň hem-de Otamendiniň urgulary dürs bolup, Ekwadordanam 1-2-nji urgulary uran Mena bilen Mindanyň penaltilerini-de argentinaly derwezeçi, penalti saklamakda ökde hasaplanýan Emiliano Martines sowmagyň hötdesinden geldi.

Ekwadordan Ýeboanyň hem-de Hordi Kaisedonyň urgulary olara ýeterlik bolmady.Penaltilerde 4-2 öňe saýlanan Argentinanyň ýygyndysy ýarym finala çykmagy başardy.Tangoçylar 10-njy iýulda ýarym finalda Wenesuelanyň ýa-da Kanadanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Bu duşuşykdan soň Ekwadoryň tälimçisi Feliks Sançesiň şertnamasy ýatyryldy. Ispaniýaly hünärmen 2023-nji ýylda 4 ýyllyk şertnama baglaşypdy. Ekwadoryň ýygyndysy Wenesuelanyň ýygyndysy bilen Kopa Amerikada çempionlyk gazanyp bilmedik 2 toparyň biridir.

Ýene degişli makalalar

4 ýylda 4 kubok (makala)
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy