Messi möwsüm tamamlanansoň PSŽ-ni terk eder

Messi möwsüm tamamlanansoň PSŽ-ni terk eder

Lionell Messi möwsüm tamamlanandan soňra, PSŽ-ni terk eder. Bu barada şu gün geçirilen metbugat konferensiýasynda toparyň tälimçisi Kristof Galte mälim etdi.

Futbolyň taryhyndaky iň gowy oýunça tälim bermek meniň üçin uly hormat boldy. Klermon bilen oýnaljak oýun Messi üçin Park de Prensdäki iň soňky duşuşyk bolar diýip, tälimçi belledi.

Ýeri gelende bellesek, çempionlygy wagtyndan öň özüniňki eden PSŽ 3-nji iýun güni Park de Prens stadionynda Fransiýanyň çempionatynyň ahyrky tapgyrynda Klermony kabul eder.

Lionel Messi şu möwsümde Liga 1-iň 31 oýnunda meýdança çykyp, 16 gol urdy hem-de 16 golly pas berdi.

Maglumat üçin, argentinaly superýyldyz 2021-nji ýylyň tomsunda erkin agent hökmünde PSŽ-niň düzümine goşuldy. Ol geçen iki ýylyň dowamynda topary bilen bilelikde iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy. Şeýle-de bir gezek ýurduň Superkubogyna mynasyp boldy.

Sport neşirleriniň ýazmagyna görä, Messi häzirki wagtda Barselonadan teklibe garaşýar. Ol iki ýyl mundan ozal maliýe kynçylyklary sebäpli, mejbury ýagdaýda bu topardan gitmeli bolupdy.

Mundan başga-da, Saud Arabystanynyň Al-Hilal toparynyň Messä 2 ýyllyk umumy bahasy 1,2 milliard ýewro barabar şertnama teklip edendigi, ABŞ-nyp Inter Maýami toparynyň bolsa argentinaly ýyldyza dört ýyla niýetlenilen ýyllyk 50 million dollarlyk şertneme hödürländigi barada hem myş-myşlar bar.

Ýene degişli makalalar

Messi täze toparyny mälim etdi
Resmi: Messi Inter Maýami toparyna geçdi
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Messi Maýamide
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Messi sekizinji gezek Altyn topa mynasyp boldy