Messi Barselona dolanyp barjak-barmajakdygy barada aýtdy

Messi Barselona dolanyp barjak-barmajakdygy barada aýtdy

Lionel Messi anyk karara geldi: ol indi hiç wagt Barselona gaýdyp barmaz we karýerasyny PSŽ-de dowam etdirer. Bu barada TyC Sports neşiri ýazýar.

Çeşmäniň habaryna görä, Messi PSŽ bilen şertnamasyny 2024-nji ýylyň iýunyna çenli uzaltmagy meýilleşdirýär. Klubyň özi bolsa oňa 2025-nji ýyla çenli şertnama teklip edýär.

Leo üçin MLS-den hem teklipler bar, ýöne ol Ýewropada galyp, çempionlyklary gazanmak isleýär diýip, neşir ýazýar.

Messi 2021-nji ýylyň tomsunda Barselonadan gaýdypdy. PSŽ-niň 35 ýaşly hüjümçisi häzirki dowam edýän möwsümde 20 duşuşyga gatnaşyp, olarda 13 gezek tapawutlandy we 14 goluň assistini berdi.

Ýene degişli makalalar

Messi Maýamide
Messi ýok, ýeňşem ýok
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
Messiniň MLS-däki ilkinji goly
“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy