7-nji fewralda paýtagtymyzyň medeniýet durmuşynyň aýdyň wakasy “Karawajo Türkmenistanda” sergisiniň açylyşy boldy, ony Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem Italiýanyň ýurdumyzdaky Ilçihanasy bilelikde gurady.
Sergi şol bir wagtyň özünde iki ýerde: Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem-de Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda beýik italýan suratkeşi Mikelanželo Merizi de Karawajonyň (1571-1610) eserleri bilen tanyşdyrýar.Sergide Karawajonyň sungatyny sanly tehnologiýanyň şöhleleri arkaly görüp bolýar.
Ajaýyp reproduksiýalar eseriň hakyky ölçegi bilen deň gelýär, ýörite şöhlelendirmeler ýagtylyk-kölegesini geçirip, tomaşaçylarda örän uly täsir galdyrýar.Karawajo XVII asyr Ýewropa suratkeşliginiň realistik akymynyň düýbüni tutujy hasap edilýär.
Onuň irki işleri “Hassa Wakh”, “Lýutnýaçylar” ýaly eserleri täzeçillik hasap edilipdir.Reňkleriň sazlaşygy onuň suratlaryna öwüşgin berýär, onuň gahrymanlary durmuşa söýgüden doludyr we tomaşaça aýratyn lezzet berýär.Sergi 25-nji fewrala çenli dowam eder.