Meşhur söwda köçeleri

Cushman & Wakefield atly gozgalmaýan emläk boýunça maslahat beriş kompaniýasy harytlary satyn almak üçin meşhur köçeleriň sanawyny ýaýratdy.Dünýädäki şaýollar atly maglumatda 47 köçäniň ady bar.Bu sanaw pandemiýa sebäpli üç ýyllap taýýarlanmandy.

Sanaw taýýarlananda, esasan, dükanlaryň we iş ýerleriniň aýlyk kärendesiniň tölegine baha berlipdir.Aýlyk kärende bahasy iň gymmat köçe Nýu-Ýorkuň Bäşinji şaýoly hasaplanýar.Gonkongdaky Tsim Sha Tsui we Milandaky Via Montenapoleone köçeleri ikinji we üçünji orny eýeleýär.

Bäşinji şaýoldaky dükanlaryň her inedördül metri üçin ýyllyk kärende tölegi 21 müň 76 ýewro bolup, bu görkeziji Gonkongyň iň gymmat köçesinde 15 müň 134 ýewro, Via Montenapoleone-da 14 müň 547 ýewro deň.

Mundan ozalky sanawda üçünji bolan Londondaky New Bond şaýoly bu gezek 14 müň 346 ýewro bilen dördünji, Parižiň Şanzelize şaýoly ýyllyk ortaça 11 müň 69 ýewro tölegi bilen bäşinji bolupdyr.

Sanawda iň köp üýtgeşmä sezewar bolan köçe Oslodaky Nedra Slottsgate we Warşawadaky Nowy Swiat köçeleri bolupdyr. Ozalky sanawda 27-nji orna düşen Nedra Slottsgate 23-nji orna çykan bolsa, Nowy Swiat 32-nji orundan 36-njy orna düşüpdir.

Ýene degişli makalalar

Meşhur söwda köçeleri
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
Şazada Garriniň ýaşaýan şäherini sil basdy
2023-nji ýylyň sport kalendary
Dünýädäki mekdepler barada täsinlikler
24 müňden gowrak wideooýun toplan amerikaly Ginnesiň kitabyna girdi