Meşhur serialyň 2-nji möwsümi awgustda görkezilip başlanar

Mundan 2 ýyl ozal 1-nji möwsümi ýaýlyma berlen “Güýç ýüzükleri” (The Rings of Power) serialynyň 2-nji möwsümi tomsuň iň soňky günlerinde tomaşaçylara ýetirilip başlanar. “Prime Video”-da görkeziljek serialyň 2-nji möwsümi-de 8 bölümden ybarat bolar.

J.R.R.Tolkieniň meşhur “Ýüzükleriň hökümdary” eseriniň ýanamasy bolan serialyň 2-nji möwsüminiň ilkinji 3 bölümi 29-njy awgustda görkeziler.Galan bölümler bolsa 3-nji oktýabra çenli her hepde biri ýaýlyma berler.

Serialyň 4 bölümine Şarlott Brandstrom režissýorlyk edip, bu möwsümde otrisatel gahrymanlar öňe saýlanýar.Sauronyň Orta dünýäni özüne boýun etmek isleýişi täze möwsümiň iň esasy temasy bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

10 milliard dollara ýetdi
“Ýüzükleriň hökümdary” serial bolar
Ýüzükleriň hökümdary. Häkimligiň ýüzükleri serialynyň birinji treýleri çykdy
Taryhda iň gymmat serialyň premýerasy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda bolar
Ösen ýurtlarda fastfuda isleg azalýar