Meşhur sazandalaryň durmuşyndan

Sadalyk. Rus kompozitory Sergeý Rahmaninow Amerika baranda, bir aýdym-saz bilermeni geň galyp sorapdyr:

Maestro, bagyşlaň welin, siz näme üçin beýle sada geýinýärsiňiz?

Bu ýerde meni barybir hiç kim tananok diýip, Rahmaninow jogap beripdir.

Wagtyň geçmegi bilen hem kompozitor öz endigini hiç hili üýtgetmändir.

Şol bilermen birnäçe ýyldan soň ýene soraýar:

Maestro, siziň maddy hal-ýagdaýyňyz ep-esli gowulaşsa-da, siz gowy geýinjek bolmadyňyz.

Rahmaninow egnini gysyp:

O nämä gerek, meni şeýle-de hemmeler tanaýar ahyryn diýip, jogap beripdir.

Üýtgeşik saz. Italýan kompozitory Joakkino Rossini Bethoweniň Gahrymançylyk atly simfoniýasyny diňläninden soň, haýran galyp şeýle diýipdir:

Şeýle sazy ýazyp, ker bolmaga-da razy bolsaň bor-la, sebäbi mundan owadan simfoniýany döretmek asla mümkin däl!

Mazaly çorba. Rus kompozitory Sergeý Taneýewiň aşpezi bir gün hojaýynynyň az konsert berýändiginden birahat bolupdyr.

Iň bolmanda ýene-de bir ýerde çykyş etsediň, Sergeý Iwanowiç, bolmasa lawr ýapraklarymyz gutarýar.

Kompozitor çalýan sazy bilen çorbanyň arasynda näme baglanyşygyň bardygyny bilmek isläpdir. Görlüp oturylsa, aşpez onuň muşdaklarynyň beren lawr çemenlerinden goparylan ýapraklary çorba atýan eken.

Bagtly adam. Bir gezek wenger pianinoçysy Ferens List haýyr-sahawat konsertinde höwesjeň wiolonçel çalyjy bilen sazandarlyk edipdir. Ol sazy şeýle bir bulaşdyrypdyr welin, List soňabaka onuň sesini basmaga dyrjaşypdyr.

Seň edýäniň näme, men özümi eşidip bilemok diýip, wiolençel çalyjy pyşyrdapdyr.

Onda sen bagtly adam diýip, List hem pyşyrdap jogap beripdir.

Halas etmek üçin. Awstriýaly kompozitor Frans Legar ýurdunyň bir şäherinde öz eserlerini ýerine ýetirýän orkestre dirižýorlyk edipdir. Frans birinji taýýarlykdan soň, konsert zalynyň direktoryna ýüzlenip:

Siziň orkestriňizde surnaýçy we deprekçi şeýle bir gaty çalýar welin skripka we wiolençel asla eşidilmeýär diýen ýaly diýipdir.

Biziň etjek bolýan zadymyz hem şol-da, siz biziň skripkaçylarymyzy we wiolonçel çalyjylarymyzy bilmeýärsiňiz-dä diýip, direktor düşündiripdir.

Arfaçy. Bir gezek Arturo Toskanini simfoniýa dirižýorlyk edipdir.Simfoniýanyň dowamynda arfaçynyň etmeli ýekeje işi bolup, diňe bir gezek ýeke-täk notany çalmaly eken. Ýöne arfaçy ony ýoýupdyr.

Toskanini tutuş simfoniýany gaýtadan çaldyrýar, ýöne arfa gezek gelende sazanda ýene-de ýoýýar.Muňa gahary gelen Toskanini zaldan çykyp gidýär.Agşam konsert guralýar. Şowsuz arfaçy orkestrde öz ornuny eýeläp, saz guralyny gabyndan çykaranda arfanyň ähli tarlarynyň goparylyp, diňe ýeke-täk bir tarynyň gereklisiniň galdyrylandygna gözi düşýär.

Toplan we terjime eden

Gülzada ÇARYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy.

Ýene degişli makalalar

Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
Ýewropa nusgawy aýdym-sazlary, rus ýarmarkasy we türkmen dessany sazlaşykly ýaňlandy
Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi
Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi
Kuzbassdaky şahtada partlama boldy