Meşhur futbolçy, ikinji Ýohan lakamly ýyldyz oýunçy aradan çykdy

Dünýä futbolynyň meşhur ýyldyzlaryndan, 1970-nji ýyllaryň “Aýaksynda” hem-de Niderlandlaryň ýygyndysynda ýatdan çykmajak yz galdyran Ýohan Neeskens 73 ýaşynda aradan çykdy. 1951-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Niderlandlaryň Hemstede şäherinde dünýä inen Neeskens 1968-nji ýylda şol şäheriň RKH toparynda futbola başlaýar. 1970-1974-nji ýyllar aralygynda “Aýaksda” oýnaýar.

Amsterdamlylaryň düzüminde 3 gezek Çempionlar Ligasynyň çempiony bolýar. 1974-nji ýylda “Barselona” transfer bolup, ol bu ýerde 5 möwsüm oýnaýar. Ýakyn dosty Ýohan Kroýffdan 1 ýyl soň katalonlaryň düzümime goşulan Neeskens bu toparda Ýewropada Kubokçylaryň Kubogyny gazanýar. 6 möwsüm ABŞ-nyň “Nýu Ýork Kosmos” toparynda oýnanyndan soň, ýurdunyň “Groningen” hem-de Şweýsariýanyň “Baar” we “Zug” toparlarynda çykyş edip, 1991-nji ýylda 23 ýyllyk karýerasyny tamamlaýar.

Ol klublarda 450 oýunda 92 gol geçirýär.

Ikinji Ýohan lakamly (birinjisi Ýohan Kroýff) ýarymgoragçy Niderlandlaryň ýygyndysynda 2 gezek 1974-nji we 1978-nji ýyllarda Dünýä Kubogyna finalyna çykýar. 1976-njy ýylda Ýewropa çempionatynda 3-nji orny eýelän ýygyndynyň esasy oýunçylarynyň bir bolýar. Ähli döwürleriň iň ökde ýarymgoragçylarynyň sanawynda öňdäki orny eýeleýän Neeskensiň tälimçilik karýerasy o diýen şowly bolman, ol ençeme ýyllap, Guus Hiddinkiň, şol sanda Frank Riýkaardyň kömekçisi bolup işleýär.

Ýene degişli makalalar

Messisiz ilkinji çempionlyk
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy
Ähli çempionata gatnaşan ýeke-täk topar
“Meniň ornumy hiç kim almaz”
Federeriň 6-njy “Laureus” baýragy