Fransiýanyň meşhur kino aktýory Edaur Montut ilkinji gezek Türkmenistana geldi. Meşhur “Taksi” filmindäki keşbi bilen tanalýan fransuz aktýory Arkadag şäherinde geçirilýän kinofestiwala gatnaşar.
Ozal habar berşimiz ýaly, 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýanyň kino wekilleriniň gatnaşmagynda “Arkadagyň säheri” atly film festiwaly geçirilýär.
Oňa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda Türkiýeden, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan kino äleminiň ussatlary gatnaşýar.
Şol festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyza ilkinji gezek gelen fransuz aktýory Eduar Montut başga-da köp sanly filmde surata düşen meşhur aktýordyr.
Ol paýtagtymyza gelen wagty özüniň ilkinji duýgulary paýlaşdy. Fransuz aktýor Eduar Montut Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini we şeýle iri göwrümli film festiwalynyň ilkinji gezek geçirilýändigini belledi.
Ol Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny belledi.
Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.