Bagam adalaryndaky “Karib deňziniň garakçylary” we “Roýal kazinosy” filmleriniň surata düşürilen Littl-Paýp-Keý adasy 100 million dollara satuwa çykaryldy. Adany kärendesine hem alyp bolýar. Adany bir gün kärendesine almak üçin 75-95 müň dollar tölemeli. Ada Florida ştatyndan uçarda gelip bolýar.
Adada birnäçe jaý hem bar. Olaryň biri baş bina, şeýle-de dört sany kottej jaý bar. 12 ýatalgaly we 11 suwa düşülýän otagly ýaşaýyş öýüniň umumy meýdany 2 müň inedördül metr. Mundan başga-da bu ýerde uly howuz, iki sany gaýyk duralgasy, spa-zolak we dikuçar meýdançasy ýerleşýär diýip, “New York Post” gazeti ýazýar.