“Emmy” we “Grammy” baýraklarynyň eýesi, meşhur komediýaçy, režissýor Kris Rok belli aktiwist Martin Luter King Junior barada film surata düşürer. “Universal Pictures”-iň hemaýatkärligindäki filmiň baş prodýuseri meşhur režissýor Stiwen Spilberg bolar.
Kris Rokuň hem režissýor, hem-de prodýuser hökmünde gatnaşýan bu iri taslamasy Jonatan Eigiň şu ýylyň maýynda çapdan çykan “King: A Life” atly eseri esasynda ekranlaşdyrylar.Mundan öň “Top Five”, “Head of State”, “I Think I Love My Wife” ýaly filmlerde režissýorlyk eden Rokuň täze ekran eserinde kimiň baş keşpde surata düşjekdigi häzirlikçe belli däl.
Bu film 1950-1960-njy ýyllaryň meşhur aktwisti Dr.Martin Luter King Junioryň tutuş durmuşy baradaky ilkinji kino bolar.