Merwiň Türkiýedäki iki ýoldaşlyk duşuşygynyň geçiriljek seneleri belli boldy

Merwiň Türkiýedäki iki ýoldaşlyk duşuşygynyň geçiriljek seneleri belli boldy

Türkiýäniň Bolu şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan Merw futbol toparynyň bu ýerde geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisi tassyklanyldy. Bu barada Janköýer sport neşiri habar berdi.

Resmi taýdan tassyklanan duşuşyklaryň ilkinjisi 22-nji iýulda geçiriler. Şol gün Merw Demirgazyk Makedoniýanyň Şkupi topary bilen duşuşar. Muny Şkupi futbol klubynyň resmi Instagram (fcshkupi1927) sahypasyndaky habary hem tassyklaýar. Şkupi geçen möwsümde Demirgazyk Makedoniýanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda üçünji orny eýeledi.

Şeýle hem Merw 24-nji iýulda Türkiýäniň çempionatynyň geçen möwsüminde Superligada çykyş eden Stambul şäheriniň Pendikspor topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Superligadaky pes netijeleri bilen täze möwsümde Birinji ligada ýaryşjak Pendikspor düzümine täze goşan futbolçylary bilen ozalkysyndan güýçlendi. Merwiň ýoldaşlyk duşuşyklary üçin şeýle güýçli garşydaşlar bilen gepleşikleri geçirmegi türkmen toparynyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirer.

Ýene degişli makalalar

Merw Türkiýede daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýär
Baharyň baş baýramynyň dabaralary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
Prezident Marynyň häkimini täzeläp, galan pagtany ýygnamagy çaltlandyrmagy talap etdi