Merw Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynda Aşgabatdan üstün çykdy

Merw Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynda Aşgabatdan üstün çykdy

Marynyň Merwi futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň 1/4 final tapgyrynda Aşgabat toparyny ýeňlişe sezewar etdi.

Mary şäherinde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Merwiň düzüminde Alibek Abdyrahmanow dubl etdi (8-nji minut, 96-njy minut, penaltiden), ýene bir goly bolsa Musa Nurnazarow (23-nji minut) öz adyna ýazdyrdy. Aşgabadyň düzüminde Agajan Altyýew (90) tapawutlandy.

Toparlaryň arasyndaky jogap oýny 20-nji maýda Aşgabatda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: çärýek finalyň ilkinji duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar
Ýurdumyzyň täze çempiony “Ahal”
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy