
Marynyň Merw futbol topary türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň äçylyş duşuşygynda Balkanabadyň Nebitçisini kabul etdi.
Duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky ýeke-täk goly 84-nji minutda Guwanç Berdimyradow geçirdi.
Oýnuň juda dartgynly geçendigini emin Çarymyrat Gurbanowyň 8 oýunça sary kart görkezip, olaryň birini meýdandan çykarmagy hem tassyklaýar.
Bu ýeňişden soň utugyny 15-e çykaran Merw ýaryş tertibinde dördünji orna göterildi.