
Şu günler Türkiýäniň Bolu şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan Merw futbol topary bu ýerdäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny Demirgazyk Makedoniýanyň Şkupi topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Agramly bölegi güýçleriň deňeçerliginde geçen duşuşyk Şkupiniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna we Kubok ýaryşyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi maksat edinýän topar Türkiýede ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de üçüsini meýilleşdirýär. Bu barada klubyň metbugat gullugy jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.
Ine, şol duşuşyklaryň tertibi:
24.07.2024 ý.
Pendikspor (Türkiýe) ― Merw (Türkmenistan).
Takmynan başlanýan wagty: 18:00 (Aşgabat wagty bilen).
26.07.2024 ý.
Igdirspor (Türkiýe) ― Merw (Türkmenistan).
28.07.2024 ý.
Priştina (Kosowo) ― Merw (Türkmenstan).