Mersin Tantunisi

Mersin Tantunisi

Mersin Tantuni Tagamy.

Türkiyäniň Ortaýer deiziniň kenaryndaky Mersin welaýatynyň iň meşhur tagamlarynyň biri bolan Mersin Tantuni nahary 2017-nji ýylda Mersiniň Söwdaçylar we senetçiler palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Mersin Tantuni tagamyny beýleki naharlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklar, taýarlanan mahaly göle etiniň ýagly gapyrga bölegi bilen pagta ýagynyň ulanylmagy we taýarlamak tapgyryndaky ussatlykdyr.

Göläniň ýagly eti ýörite pyçaklar bilen örän kiçijek görnüşde dogralanyndan soň, gazanyň içinde takmynan 20 minudyň dowamynda gaýnadylýar.

Bişirilen et ondan soň ortasy çukur görnüşinde bolan ýörite tantuni mejmesine goýulýar we içine pagta ýagy bilen gyzyl burç, sumah we duz goşulyp, yzygiderli ýanýan otda garyşdyrylyp gowrulýar.

Bişen et tantuni mejmäniň ortasyndan alynyp, mejmäniň gapdal tarapyna ýerleşdirilýär.

Tantuni eti çörege ýa-da lawaş çöregine, arasyna kiçijek edip dogralan pomidor, sogan we petruşka ýaly gök önümlerden taýarlanan garyndy bilen bilelikde goýulýar we üstüne limon sykyp hödür edilýär.

Mersin Tantuni tagamynyň ýanynda duzlanan önümler we ýaşyl otlar, içgi hökmünde bolsa aýran ýa-da şalgamyň suwy hödür-kerem edilýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda satylýan çüýrük pomidor alyjylara we satyjylara zyýan ýetirýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýedäki ýertitremede şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi
Paýtagtyň iň tagamly dönerleri: Aşgabadyň datly tiz tagam taýýarlaýan kafeleriniň sanawy
“Baýramiç beýazynyň” diňe Kazdagynda ösýän endemiki görnüşdigini bilýäňizmi?
Stambul şäheri hem indi Mişlen ýyldyzly restoranlara eýe
Eýran Tagamlari