Nemes awbomobil firmasy Mersedes-Benz, rus bazaryndan dolulygyna çekilýär.
Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Mersedes-Benz bilen firmanyň Russiýadaky ähli emlaklarynyň Awtodom atly rus firmasyna tabşyrylmagy meselesinde şertnama baglaşylandygy nygtaldy.
Mersedes Russiýadaky önümçiligini mart aýynda bes edipdi.
Mersedes ulaglarynyň satuwy sentýabr aýynda, geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 72,8 görerim azaldy.
Russiýada ozal hem Renault we Nissan firmalary emlaklaryny rus hökümetine tabşyrypdy.