ABŞ-nyň iň gadymy sözlük neşirýaty Merriam-Webster “authentic”, ýagny, “hakyky” sözüni 2023-nji ýylyň iň köp ulanylan sözi diýip mälim etdi. Neşirýatyň pikiriçe, emeli aň, meşhurlaryň medeniýeti, şahsyýeti we jemgyýetçilik ulgamlar baradaky gürrüňler “hakyky” sözüniň şu ýyl meşhurlygynyň ep-esli artmagyna sebäp boldy.
“Authentic ” sözüniň “galp däl, öýkünmeýän” we “şahsyýetine, ruhuna ýa-da häsiýetine laýyk” ýaly birnäçe manysy bar. “Merriam-Webster”-iň maglumatlaryna görä, bu söz aýdymçy Laneý Wilson, Sam Smit we Teýlor Swift ýaly tanymal adamlar tarapyndan ulanylýar. Olar şu ýyl “hakyky sesini” we “hakyky şahsyýetini” tapmak baradaky çykyşlary bilen gazet habarlarynyň sözbaşylarynda peýda boldular.
Dünýä belli işewür Ilon Mask, jemgyýetçilik ulgamlarynda adamlaryň has “hakyky” bolmaga çagyryş edipdi. Emeli aňyň ösmegi hakykat bilen ýalanyň arasyndaky çägi aýyrdy, netijede meşhurlar, brendler we sosial ulgamlar täsirli adamlar özleriniň hakykylygyny subut etmäge tagalla edip ugradylar.