Halkara geňeş firmasy bolan “Mercer” dünýä şäherleriniň rahatlyk derejesi we durmuş-ýaşaýyş hili boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi.
Aşgabat 231 şäheriň arasynda 211-nji orna düşdi.
Sebitdäki goňşular hem reýtingde goňşy boldular: Daşkent 203-nji orny aldy. Bişkek 206, Duşenbe 215-nji boldy. Almaty biraz ýokary baha alyp, 177-nji orny eýeledi.
Dünýä şäherleriniň arasynda durmuş üçin iň gowusy diýip indi tapgyr 10-njy ýyl Awstriýanyň paýtagty Wena ykrar edilýär. Onuň yzyndan Sýurih (Şweýsariýa), Bankuwer (Kanada), Mýunhen (Germaniýa) we Oklend (Täze Zelandiýa) gelýär.
Sanaw Hartum (Sudan), Port-o-Prens (Haiti), Sana (Ýemen), Bangi (Merkezi Afrikan respublikasy) bilen jemlenýär. Bagdat (Yrak) iň erbet şäher diýip ykrar edildi.
Reýting düzülende bilermenler syýasy durnuklylygy, transport ulgamynyň amatlylygyny, kafeleriň we restoranlaryň, dynç alyş ýerleriniň bolmagyny, bilimiň we saglygy saklaýyşyň hilini we klimat şertlerini nazara alýarlar.
Ýatladýarys, Aşgabat 2013-nji ýylda ak mermer bilen örtülen binalarynyň gürlügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Mundan başga, Türkmenistanyň paýtagty jemgyýetçilik ýerinde iň kän suw çüwdürimini özünde jemleýän toplumy, telemerkeziň binasynda ýyldyzyň iň uly binägärlik şekili, iň uly ýapyk görüş çarhy, dünýäde iň uly ýurt (öý), Olimpiýa stadionyň üstünde gurlan iň uly at kellesiniň heýkeli we beýlekiler bilen rekord gazandy.
Aşgabatdaky gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylyşyna, özi dikuçarda ýokarsyndan uçup, köçelere we gurulýan desgalara welosipedli ýa atly aýlanyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gözegçilik edýär.