Mermer heýkel gymmat bahadan satyldy

Ýapon heýkeltaraşy Isamu Noguçiniň 1971-nji ýylda döreden Study for Energy Void atly mermer heýkeli 4 million 650 müň dollara satyldy.Sotheby’s auksion öýi Abrams maşgala kolleksiýasyna degişli jemi 27 eseri satuwa çykardy.

Olaryň arasynda ýapon heýkeltaraşynyň eseri has gymmat bahadan satyldy. 3,5 million dollara satuwa çykarylan heýkeli 4 million 650 müň dollara näbelli adam satyn aldy.Heýkeliň ölçegi 116,5×91,4×35,6 santimetr.

19041988-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Noguçi heýkeltaraş, peýzaž arhitektory hökmünde dürli eserleri döretdi. Amerikada dünýä inen Noguçi ýapon binagärligini döwrebap nusgalar bilen baýlaşdyrdy. Çagalyk ýyllary Ýaponiýada geçen sungat ussady belli binagärleriň ýanynda hünär öwrendi.

Nurmuhammet Berdiýew,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi
Angliýanyň premýer-ligasy Çelsiniň Todd Boeliniň konsorsiumyna satylmagyny makullady
“Çelsi” ahyry satyn alyndy
Hemilton bilen Serena Uilýams “Çelsini” satyn almak taslamasyna maýa goýdular
Polşa, ABŞ-dan 250 Sany Tank Alar
Rus Işewüri Abramowiçiň Ýahtasy Bodruma Geldi