22-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
GDA-nyň synçylary saýlawlara syn etmek bilen, eýýäm birnäçe duşuşyklary, şol sanda merkezi saýlaw toparynyň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Şeýle hem käbir welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki uçastok saýlaw toparlarynyň işi bilen tanyşdylar. Saýlaw güni olar ses bermek we sesleri sanamak işine syn etmek üçin saýlaw uçastoklaryna baryp görmegi meýilleşdirýärler.
S.Lebedew saýlaw möwsüminiň açyk bäsdeşlik esasynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýändigini aýdyp, GDA-nyň synçylar toparynyň özüniň gutarnykly netijelerini saýlawlara syn etmegiň netijeleri boýunça jemleýji resminamada beýan etjekdigini belledi.