
Gadyrgeldi Müşşikow “Senagat” bankynyň müdirýetiniň başlygy bellendi.
Bu wezipäni eýelän Täçmuhammet Täçmuhammedow başga işe geçýändigi sebäpli,wezipesinden boşadyldy diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.
Bankyň paýdarlarynyň bu kararyny 6-njy aprelde öz permany bilen prezident Serdar Berdimuhamedow makullady.
2021-nji ýylyň iýulyndan bäri Müşşikow Merkezi banka ýolbaşçylyk edipdi.
Emma, 5-nji apreldäki hökümet mejlisinde prezident maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikowy Merkezi bankyň başlygy belledi.The post Merkezi bankyň öňki başlygy “Senagat” bankyna ýolbaşçylyk edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.