MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERI BMG BILEN HYZMATDAŞLYKDA OWGANYSTANA GOLDAW BERMEGI DOWAM ETDIRER

MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERI BMG BILEN HYZMATDAŞLYKDA OWGANYSTANA GOLDAW BERMEGI DOWAM ETDIRER

Şu gün, 7-nji iýulda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Owganystan meseleleri boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen bilelikde gepleşigiň guramaçysy hökmünde çykyş etdi.

Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Nataliýa German şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen dagylar gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyny, Owganystanda parahatçylyk ýagdaýy ilerletmegi, howpsuzlyk meseleleri, şeýle-de ykdysady ösüşi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly işjeň pikirler alşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda parahatçylygy dikeltmek ugrundaky gepleşikleriň oňyn ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy we durmuş-ykdysady goldawynyň ähmiýetini we şol gepleşikleriň oňyn netijesiniň sebitdäki we onuň daşyndaky syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygyny nygtady.

Owganystan bilen bilelikde bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişligi emele getirýän we bu ýurt bilen köpasyrlyk taryhy, medeni hem-de şahsy gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orny aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ynsanperwer goldaw arkaly Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýändigini belledi.

Taraplar sebitdäki ýagdaýlar boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler we anyk teklipleri alyşdylar.

Türkmen tarapy sebit we halkara formatlaryň çäklerinde syýasy hem-de diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi maksat edinýär we bu ugurda BMG-niň möhüm ornuna ynam bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň we halklaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň esasy mehanizmlerini öz adynda görkezýän Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
Serdar Berdimuhamedowyň prezident bolanyna üç ýyl boldy, bu döwürde ýurtda nämeler özgerdi
Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
BMG-de Türkmenistanyň ydysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça hasabaty diňlendi
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Suw ýetmezçiligi ýazlyk ýeralmalaryň ideg işlerini bökdeýär