
Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Tokioda saparda bolarlar.
Täjigistanyň habar beriş serişdelerine salgylanýan Report.az saýtynyň ýazmagyna görä, duşuşyga Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida gatnaşjakdygy aýdylýar.
Gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri Merkezi Aziýanyň hem-de Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň göz öňünde tutulýan duşuşygyna taýýarlyk görmek barada bolar.
Ýakynda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostluk boýunça parlament deputatlarynyň assosiasiýasy döredildi, oňa ýurdy dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň başlygynyň orunbasary, öňki Premýer-ministr Taro Aso ýolbaşçylyk edýär.
Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň DIM-leriniň başlyklarynyň hemişelik geňeşmeleri 2004-nji ýyldan bäri dowam edýär. Koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler netijesinde gatnaşyklara böwşeňlik düşüpdi, häzir ol täzeden ýola goýulýar.