Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Germaniýda saparda bolarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Germaniýda saparda bolarlar

29-njy sentýabrda Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň çakylygy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Berline iş sapary bilen bararlar.

Germaniýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Berlinde Merkezi Aziýa + Germaniýa görnüşinde Prezidentleriň derjesinde duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlaşylar, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşylar.

Turkmenportalyň ozal habar berşi ýaly, 19-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti С5+1 görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyny geçirdiler.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Bundestag Şolsa ynam etmekden ýüz öwürdi
Ştaýnmaýer: "Ýewropanyň howpsuzlygy Russiýanyň Ukraina garşy başladan urşy sebäpli howp astynda"
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Bilen Duşuşar
Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy