Geçen hepde Merkezi Aziýa respublikalarynda möhüm saparlar guraldy we maslahatlar geçirildi. Geliň nobaty bolsa olara ser salalyň.
2023-nji ýylyň iýun aýynyň 5-8-i aralygynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid, Gyrgyzstanda we Gazagystanda saparda boldy.Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow 5-nji iýunda Helga Şmidi kabul etdi. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid, 7-nji iýunda hem Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew tarapyndan kabul edildi.
Kabul edilşiklerde gurama bilen Merkezi Aziýa respublikalarynyň arasynda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara howpsuzlyk we ykdysadyýet ýaly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 5-9-y aralygynda Merkezi Aziýa respublikalarynda saparda boldy.Kataryň Emiri Al Sani, Özbegistana we Gyrgyzstana döwlet saparyny gurady. Özbegistanyň we Gyrgyzstanyň Prezidentleri Kataryň Emirini howa menzilinde garşylady.
Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerden soň Özbegistan bilen Kataryň arasynda 15, Gyrgyzstan bilen Kataryň arasynda hem 13 şertnama baglaşyldy.Kataryň Türki döwletler bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmeginde Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky strategik gatnaşyklar uly rol oýnaýar.
2023-nji ýylyň iýun aýynyň 8-9-y aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astanada Halkara Astana forumy geçirildi. Astana forumyna daşary ýurtly müňden gowrak adam gatnaşdy. “Gepleşik arkaly hynçylyklaryň hötdesinden gelmek: Hyzmatdaşlyk, galkynyş we ösüş ýoly” atly foruma Kataryň Emiri, Gyrgyzstanyň Prezidenti, Özbegistanyň Premýer-ministri, BMG, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ýaly halkara guramalaryň baş sekretarlary gatnaşdy.
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Forumda eden çykyşynda, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň düzümine üýtgetme girizilmelidigini nygtady. Prezident Tokaýew foruma gatnaşmak üçin Astana gelen liderler we ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen özara duşuşyklar geçirdi. Halkara Astana forumyna bölünen dünýäde Gazagystanyň deňagramly daşary syýasat alyp barýandygyny açyk aýdyň görkezýär.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 7-9-y aralygynda Italiýa resmi sapar gurady. Şawkat Mirziýýew Rimde Italiýanyň Prezidenti Seržio Mattarella we Premýer-ministri Meloni bilen gepleşikler geçirdi.
Rimden soň Milana geçen Özbegistanyň Prezident Şawkat Mirziýoýew ýerli ýolbaşçylar we işewürler bilen duşuşdy.Saparyň çäginde geçirlen Italiýa-Özbegistan işewürler forumynda iki ýurduň arasynda 9 milliard ýewrolyk hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.
2023-nji ýylyň iýun aýynyň 8-9-y aralygynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor-Orban Türkmenistana iki günlük resmi sapar gurady. Wiktor Orban resmi saparynyň çäginde paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň Milli lideri Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça 8 şertnama baglaşyldy.
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Pakistanyň Premýer-ministri Muhammed Şahbaz Şerif, Türkmengazyň başlygy Maksat Babaýewi kabul etdi. Kabul edilşikde iki ýurduň arasynda TAPI taslamasynyň depgininiň güýçlendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.