Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary durnukly durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa taýdan ösüşi goldamaga, innowasiýa häsiýetli senagatyň we ösen ulag düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen düýpli we giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler.
Mejlise gatnaşyjylar bular barada durup geçmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň özara duşuşyklarynyň bu ugurda bilelikdäki tagallalary öňe ilerletmäge gönükdirilendigini we nobatdaky Konsultatiw duşuşygyň anyk netijeleri gazanmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdiler.