Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 5+1 formatyndaky maslahatlary

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 5+1 formatyndaky maslahatlary

Dünýä syýasatynda Merkezi Aziýa sebitiniň ähmiýeti günsaýyn artýar. Owganystanda Talibanyň häkimiýet başyna geçmegi, Russiýa-Ukraina urşy adybir sebitiň ähmiýetini hasam artdyrdy. Gepleşigimiziň bu sanynda J5+1 Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň gysgaça geçmişi we bu formatyň sebit üçin eýe bolan ähmiýeti hakynda durup geçmekçi.

J5+1 Daşary işler ministrleriniň maslahatlary ençeme ýurt bilen adaty ýagdaýda geçirilýär.Merkezi Aziýa-Ýaponiýa Daşary işler ministrleriniň maslahatlary 2004-nji, Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatlary 2007-nji, Merkezi Aziýa-ÝB-niň Daşary işler ministrleriniň maslahaty 2015-nji, Merkezi Aziýa-ABŞ Daşary işler ministrleriniň maslahaty 2019-njy, Merkezi Aziýa-Italiýa Daşary işler ministrleriniň maslahaty 2019-njy, Merkezi Aziýa-Russiýa Daşary işler ministrleriniň maslahaty 2019-njy, Merkezi Aziýa-Hytaý Daşary işler ministrleriniň maslahaty 2020-nji, Merkezi Aziýa-Pars Aýlag arap ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň maslahaty 2022-nji, Merkezi Aziýa-Germaniýa Daşary işler ministrleriniň maslahaty 2022-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Daşary işler ministrleriniň bu maslahatlary öz netijesini berip, 2022-nji ýyldan bäri döwlet ýolbaşçylarynň sammitleri geçirilmäge başlady.

2022-2023-nji ýyllarda birinji Merkezi Aziýa+1 sammitleri nobaty bilen Hindistanyň, Russiýanyň, ÝB-niň, Pars Aýlagy Arap Ýurtlarynyň, Germaniýanyň arasynda geçirildi. 2024-nji ýylyň awgustynda Gazagystanda Merkezi Aziýa-Ýaponiýa birinji sammitiniň geçiriljekdigi beýan edildi.

Merkezi Aziýa sebitini öz howlusy ýaly kabul edýän Russiýa, şol formatyň ähmiýetine çalt düşüneni üçin J5+1 formatyndaky maslahatlary 2019-njy ýyldan başladyp, J5+1 sammitini ilkinji bolup geçirdi.

Dünýädäki uly ýurtlaryň sebite bolan gyzyklanmasynyň artmagy Merkezi Aziýanyň döwlet ýolbaşçylarynyň öz aralarynda has ýygydan maslahatlaşmagyny mejbury ýagdaýa getirdi. Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidenti 2018-nji ýyldan bäri resmi däl geňeşmeler geçirýärler. Mälim bolşy ýaly şeýle resmi däl maslahatlar 90-njy ýyllarda-da başlapdy, emma dowam etmändi.

Bu formatyň esasy netijesi Merkezi Aziýa ýurtlaryny halkara arenada bilelikde hereket etmäge, umumy diskurs kesgitlemäge, öz aralarynda utgaşykly bolmaga gönükdirmegi. Şeýlelikde sebit ýurtlarynyň içerki düzgünnamalarynda, kanunlarynda bar bolan tapawutlyklar ortadan aýrylmaga, Merkezi Aziýa ýurtlary öz aralarynda has ýeňil hyzmatdaşlyk etjek derejä ýetmäge başlady.

Sebit ýurtlarynyň bilelikde hereket etmäge başlamagyna mysal 2020-nji ýylyň güýzünde Gyrgyzstanda häkimiýet çalşygy bolanda, waka boýunça Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler minstrlikleriniň bilelikde jarnama çap etmegini görkezmek bolar.

80 million ilatly Merkezi Aziýa dünýäniň ähli güýçli döwleti bilen deň derejede gepleşik geçirme potensialyna eýe. Şonuň üçin sebit ýurtlary ilki bilen öz aralaryndaky serhetleri kesgitleme, suw serişdelerinden peýdalanma ýaly meseleleri çözmegi hökmany.

Ýene degişli makalalar

Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy