2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde Pars aýlag ýurtlary bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 2-nji maslahaty geçirildi.Maslahata Bahreýniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Kuweýdiň, Özbegistanyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Omanyň daşary işler ministri gatnaşdy.
Maslahatda 2023-2027-nji ýyllary öz içine alýan döwürde amala aşyryljak işler ara alnyp maslahatlaşyldy.Maslahatyň jemleýji jarnamasynda Pars aýlag ýurtlary bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderler sammitiniň 2025-nji ýylda Özbegistanda geçiriljekdigi nygtaldy.
2024-nji ýylyň aprel aýynyň 18-19-y aralygynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Täjistana döwlet saparyny gurady.Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon özbek kärdeşini howa menzilinde garşylady.Iki ýurduň prezidenti özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda 28 şertnama baglaşyldy.Prezidentler Özbegistan bilen Täjigistanyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.Rahmon bilen Mirziýoýew “Made in Uzbekistan” sergisine baryp gördi.
Täjigistanyň we Özbegistanyň lideri Özbegistanyň Duşenbe şäherindäki ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.
2024-nji ýylyň aprel aýynyň 18-19-y aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Gazagystanda saparda boldy.Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew myhman kärdeşini howa menzilinde garşylady.Astana şäherinde iki lider özara duşuşyk geçirdi.
Prezidentleriň gatnaşmagynda 6-njy Gazagystan-Gyrgyzstan ýokary döwletara maslahat geçirildi.Resmi saparyň çäginde geçirlen gepleşikler netijesinde iki ýurduň arasynda 7 şertnama baglaşyldy.Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew gyrgyz kärdeşine Dostluk nyşanyny gowşurdy.
Liderleriň ene dillerinde metbugata beýannama bermekleri ünsleri özüne çekdi.Saparyň çaginde iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Aksakgallar we İntellektuallar maslahaty, Gazagystan-Gyrgyzstan Işewürler forumy, Ýaşlar forumy we Halkara Jusup Abdyrahmanow konferensiýasy geçirildi.
2024-nji ýylyň 20-njy aprelinde Täjigistan türk raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi. 2024-nji ýylyň 20-njy martynda Russiýanyň paýtagty Moskwada guralan terrorçylykly hüjümden soň Türkiýe, Täjistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizipdi.
Beýleki tarapdan Täjigistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Täjigistanyň parlamentiniň 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkiýe bilen 2023-nji ýylda baglaşylan harby şertnamany tassyklandygyny habar berdi. Habara görä, Türkiýe Täjigistana uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagy üçin 1,5 million dollar, harby hünärmenleriň tälimi üçin hem 62 müň dollar berer.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň guran saparlary we şol saparlaryň netijeli bolmagy, sebit ýurtlarynyň arasyndaky jebisligiň we arkalaşygyň güýçlenmek bilen dowam edýändigini görkezýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary Gazagystanda dowam edýän sil apatyna garşy göreşe uly goldaw berdi. Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň serhetleri kesgitlemek komissiýasynyň başlyklary bilelikde jarnama çap etmäge başlady. Bu wakalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eşretli gelejege tarap barýandygyny görkezýär.