Merkezi Aziýa ýurtlary harby býujetlerini artdyrýarlar. Bu Ukrainanyň, Garabagyň hem Owganystanyň sapaklary

Merkezi Aziýa ýurtlary harby býujetlerini artdyrýarlar. Bu  Ukrainanyň, Garabagyň hem Owganystanyň sapaklary

Merkezi Aziýa ýurtlary goranyş býujetlerini artdyrýarlar. Diňe 2023-nji ýylda Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan goranyş kuwwatyny artdyrmak üçin, azyndan 2 milliard dollara golaý harçladylar. Munuň sebäbi sebitdäki ýurtlaryň öz içerki dawalaryndan gorkmagymy, serhetlerdäki dartgynlykmy ýa-da Ukrainada barýan uruş? Häkimiýetleri çykdajylary artdyrmaga we harby enjamlary satyn almaga näme iterýär?

Özbegistan bilen Türkmenistan öz goranyş çykdajylaryny açyk mälim etmeýär, şonuň üçin olar hasabata goşulmady.Ine, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň 2023-nji ýyl üçin harby çykdaýjylary mälim ol jemi 1 milliard 800 million dollara barabar.

Bu maglumatlar Stokgolm Halkara parahatçylyk barlag instituty tarapyndan getirilýär.Ol ýurtlar boýunça-da anyk maglumat ýok, ýöne köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, geçen ýyl Gazagystan goranmak maksatlary üçin, ýurduň bütewi içerki önüminiň ýarym göterimini (ýa-da 1 milliard 298 million dollar töweregi) bölüp beripdir.

Täjigistan bir göterim (ýa-da 120 million dollar töweregi), Gyrgyzystan hem bütewi içerki önümiň bir ýarym göterimini (ýa-da 208,5 million dollar) harçlapdyr.

Mundan bir ýyl öň ol görkeziji sanlar has pesdi. "Amerikanyň sesiniň" habar bermegine görä, Gazagystan ýurduň goranyş ukybyna 9 göterime golaý köp sarp edipdir. Özbegistan bu maksatlar üçin goşmaça 260 million dollar paýlapdyr.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleri harby potensialy giňeltmek boýunça meýilnamalar barada aç-açan aýdýarlar. Şeýlelikde, Şawkat Mirziýoýew 2030-njy ýyla çenli Özbegistanda ýokary tehnologiki ýaraglar bilen döwrebaplaşdyrylan goşun boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň baştutany Howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň barşynda, Goranmak ministrligine harby taýýarlygy artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle maksatlar näme bilen baglanyşykly?Sebitiň ýolbaşçylary munuň sebäplerini dürlüçe düşündirýärler; bular post-sowet giňişligindäki konfliktler Ukrainadaky uruş, Daglyk Garabagdaky ýagdaý.

Owganystanda durnuksyzlyk hem hüşgär bolmaga mejbur edýär.Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň militarizasiýany artdyrmagynda başga maksatlaryň hem bolup biljekdigini Merkezi Aziýany öwreniji žurnalisti Piter Leonard aradan aýyrmaýar.

Meseläniň bir bölegi abraý-şöhrat bilen bagly diýip, awtor hasap edýär. Awtoritar ýolbaşçylar ýokary bahaly ýaraglary öňe çykarmagy gowy görýärler. Biz muny Türkmenistanda aýdyň görýäris. Ýurduň resmileri her ýyl geçirilýän harby dabarada Hytaýdan, Ýewropadan we beýleki ýerlerden satyn alnan täze ýaraglary we enjamlary görkezýärler. Biz bu meýili tutuş Merkezi Aziýada görýäris.

2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň serhedinde bolan çaknyşyklardan soň, ol ýurtlaryň ýolbaşçylary Ýaragly Güýçleriniň döwrebaplaşdyryljakdygy barada açyk aýtdylar. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew iki ýylyň içinde harby zerurlyklara bir milliard dollardan gowrak pul harçlanandygyny aýtdy. Puluň aglaba bölegi ýokary tehnologiýaly ýaraglara, şol sanda Baýraktar we Aksungur dronlaryna, dikuçarlara hem howadan goranyş ulgamyna gitdi.

Täjigistan hem yzda galmaýar. Iki ýyl mundan ozal bu ýurtda Eýranyň adamsyz uçarlaryny öndürýän zawod açyldy. Mundan daşary-da, häkimiýetler Türkiýe bilen Baýraktar üpjünçiligi üçin, bir ýarym million dollarlyk ylalaşyga gol çekdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goranmak harajatlaryna sarp edilýän çykdajylarynyň artmagyna sebitde diňe bir uruşlar we konfliktler däl, eýsem geosyýasy kontekstiň üýtgemegi-de sebäp bolýar.Eger-de öň Merkezi Aziýada howpsuzlyk meselelerinde esasy roly Russiýa ýerine ýetiren bolsa, indi harby hyzmatdaşlaryň sanawy giňelýär.

Häzir sebitiň döwletlerini ýarag we söweş tehnikasy bilen üpjün edýän ýurtlaryň arasynda Türkiýe, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, ABŞ, Hytaý, Germaniýa, Fransiýa we Belarus bar.Muňa garamazdan, şol bir wagtda, ekspertleriň bellemegine görä, döwletleriň ýaraglanmagy olary syýasy durnuklylyk bilen üpjün edip bilmeýär.

Eger Merkezi Aziýa döwletleri ýaragly güýçleri öz ýurtlarynda durnuklylygy berkitmegiň serişdesi hasaplap, syýasy özgertmeler ýaly meselelere ýeterlik ähmiýet bermän, aşakdan döreýän basyşlary ýeňletmek üçin hyzmat edýän institutlaryň döredilmegine kembaha garasalar, olar ýakymsyz özgerişlige garaşyp bilerler diýip, Leonard duýdurýar.

Muňa mysal hökmünde sebiti öwreniji alym 2022-nji ýylyň ýanwarynda Gazagystanda bolan wakalary getirýär. Şol döwürde goşuna düýpli maýa goýumlarynyň bardygyna garamazdan, goşun bidüzgünçiligiň öňüni alyp bilmedi.

Syýasaty öwreniji we howpsuzlyk meseleleri boýunça ekspert Rustam Burnaşew hem ýanwar wakalaryny goranyş harajatlarynyň artmagyny şertleşdirýän faktorlaryň biri diýip hasaplaýar.

Bizde nähili bolsa-da, howpsuzlygyň döwlet bilen ilatyň arasyndaky gatnaşyklar arkaly emele gelýänliginden başga-da, muňa garamazdan, ýanwar wakalary Gazagystanyň güýç ulanyjy gurluşlarynda örän çynlakaý kynçylyklaryň bardygyny görkezdi.Deňeşdirme bilen seredilende, onuň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna-da geçäýmegi mümkin. Şol ýagdaý hem beýle gurluşlaryň käbir özgertmeleriniň zerurlygy baradaky meseläni orta çykardy.

Elbetde, bu bolsa maliýe maýa goýumlaryny talap edýär diýip, ol Nastoýaşeýe Wremýa telekanalyna aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harby çykdajylar ulgamyny artdyrmaga alyp barýan syýasatyny kesgitlän ýene bir waka Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhet dawasy boldy diýip, Burnaşew hasap edýär.Nähili-de bolsa, onuň sözlerine görä, bilermenleriň getirýän maglumatyna laýyklykda, Gazagystanyň goranyş pudagyna bütewi içerki önüminiň 0,5%-niň bölünip bermegi ýeterlik pes görkeziji bolup durýar.

Bu ýerde, meniň pikirimçe, iň azyndan NATO ýurtlarynyň görkezijileri nazara alynmaly ugur bolup hyzmat edip biler diýip, howpsuzlyk meseleleri boýunça ekspert aýdýar.ABŞ bilen onuň NATO hyzmatdaşlarynyň arasyndaky jedelli meseläni biziň hemmämiz bilýäris.

ABŞ öz ýaranlaryna [harby çykdajylary] bütewi içerki önüminiň 2% derejesine ýetmegi erjellik bilen teklip edýär.

Şol bir wagtda, Burnaşewiň pikirine görä, Gazagystan Ukrainadaky ýagdaýyň ýaýbaňlanmagyndan howatyr etmeýär.Aslynda Ukrainanyň ýagdaýy Gazagystanyň we Russiýanyň hökümetleriniň arasynda käbir çaknyşyklary öz içine alýar.Beýle sebäp bu ýerde ýok.

Umuman, ýaragly güýçleriň döwrebaplaşdyrylmagynyň talap edilmegi bilen bagly faktorda, Daglyk Garabagdaky harby operasiýalaryň tejribesini nazara almaly, Ukrainadaky söweşleriň tejribesi ýaragly güýçleri çynlakaý üýtgetmelidigini görkezýär diýip, syýasy bilermen hasaplaýar.Bularyň bary harby çykdajylary talap edýär diýip, Burnaşew sözüni jemleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek