Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” atly ilkinji Maslahata gatnaşdy.

Şeýle hem duşuşyga, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” atly parlamentara forumyny döretmek başlangyjynyň ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýonyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlendigini belledi.

Bu nukdaýnazardan, häzirki parlament ýolbaşçylarynyň forumynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda parlament diplomatiýasynyň ösmegine itergi berjekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň deňhukuklylyk, uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýän Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde, dürli derejelerdäki yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler taraplaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da güýçlendirmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýar.

Duşuşygyň esasy sessiýasy Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň ýakyn geljekdäki ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy. Meseleleri ara alyp maslahatlaşmak iki sany ýörite sessiýalaryň çäklerinde dowam etdi.

Foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki görnüşiniň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek üçin amatly pursatdygyny beýan etdiler we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek üçin parlamentara alyş-çalyşlaryň ähmiýetini tassykladylar.

Mejlisiň çäklerinde taraplar esasan Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk, şeýle hem sanly özgerişler pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika, infrastruktura, suw çeşmelerini netijeli dolandyrmak, senagat diwersifikasiýasy, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlary sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Forumyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi, oňa laýyklykda taraplar 2024-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini geçirmek barada ylalaşyk gazandylar.

Forumyň çäginde koreý tarapy Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň halklaryny birleşdirýän taryhy we medeni ýadygärliklere bagyşlanan fotosuratlaryň sergisini gurnady.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda däp bolan çaý içmek dabarasy guraldy. Wekiliýetiň ýolbaşçylary sergi bilen tanyşanlarynda, , “Saglyk çaýlary” tebigy ösümlik çaýynyň dürli görnüşleriniň, adaty türkmen gök çaýynyň, milli süýjülikleriniň, pişme, külçe, gawun kaky, çelpek, gatlama, şeýle hem türkmen önümçiliginiň her dürli süýjüleri, guradylan miweler, un we süýt önümlerini hödürleýän türkmen pawilionyna aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Seulda Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna Türkmenistan tarapyndan sowgat berlen alabaýlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Seulda Merkezi Aziýa — Koreýa dostluk güni geçirildi