Ukrainada uruş tamamlanandan soň bäş "stanyň" geljegi nähili bolar we olaryň daşary syýasatynda köpugurly çemeleşme nähili özgerer? Pekin sebitde öz täsirini artdyryp, Russiýany gysyp çykaryp bilermi? Geçen hepdede Günbatar mediasy Merkezi Aziýadaky şu hem beýleki meseleler barada ýazdy.
Merkezi Aziýa Ukrainadaky uruşdan soň: köpugurly sistema geçmişe öwrülermi?
ABŞ-nyň Diplomat neşiri Russiýanyň Ukraina garşy urşy tamamlanandan soň, Merkezi Aziýanyň geljegi barada pikir ýöredýär. Makalanyň awtory, Owganystanyň Daşary işler ministrliginde 17 ýyllyk iş tejribesi bolan diplomat Ahmad Tarik Nurzade sebitiň daşarky oýunçylar bilen gatnaşyklarynyň nähili üýtgejekdigi baradaky çaklamalary öňe sürýär.
Russiýanyň çozuşlary we onuň global netijeleri geosyýasy özgerişlere hem-de ykdysadyýetiň gowşamagyna getirdi.Merkezi Aziýada Russiýa uly täsir edýän ýurt hökmündäki garaýyşlar özgerdi we beýleki oýunçylara, hususan-da Hytaý üçin mümkinçilikleri açdy diýip, Nurzade ýazýar.
Uruşdan öň Merkezi Aziýa döwletleriniň esasy söwda hyzmatdaşy Russiýa bolupdy, indi bolsa onuň ornuny Hytaý eýeleýär. 2023-nji ýylda Pekin Gazagystan we Özbegistan bilen söwda-haryt söwdasy boýunça Russiýadan öňe geçdi.
Russiýanyň Ukrainadaky urşy başlamasyndan öň, 2022-nji ýylyň ýanwar wakalarynyň iň ýokary dartgynly pursadynda, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň harby kömek üçin, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna ýüz tutandygyny awtor ýatladýar. Şondan soňra köp kommentatorlar "Tokaýew indi Putiniň öňünde bergili" diýen netijä geldiler.
Emma uruş başlanandan soň, Gazagystan beýle pikirleri ret etdi we Astana Gündogar Ukrainadaky Orsýet tarapyndan goldanylýan separatist düzümleri ykrar etmeýändigini mälim etdi.Gazagystanyň bitarap pozisiýasy rus deputatlarynyň we Kremli goldaýan propagandistleriň arasynda gahar-gazap döretdi.
Dartgynly pikir-garaýyşlara garamazdan, Tokaýew Moskwa bilen Astananyň arasyndaky esasy durnukly gatnaşyklary saklamagy başardy diýip, awtor ýazýar.
Özbegistan Russiýa bilen gowy gatnaşyklaryny saklaýar, emma şol bir wagtda Günbatar bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugrunda-da çalyşýar. Daşkent urşy ýazgarmady ýa-da goldamady. Özbegistanyň ykdysadyýeti Orsýetde işleýän birnäçe million özbek zähmet migrantynyň iberýän pullaryna bagly bolup durýar.
Türkmenistan hiç haçan Moskwanyň esasy söwda hyzmatdaşy bolmandy. Aşgabat 1995-nji ýyldan bäri daşary syýasatynda bitaraplyk statusyna eýerip, uruş döwründe seresaplylyk pozisiýasyny saklaýar. Hytaý uzak wagtdan bäri Türkmenistanyň esasy ykdysady hyzmatdaşy bolup gelýär.
Duşanbe sebitdäki islendik ýurda garanyňda, ykdysady taýdan we howpsuzlyk meselesinde Russiýa has köp baglydyr. Täjigistanda Russiýanyň harby bazasy bar. Owganystanda "Talybanyň" häkimiýete gelmegi Moskwa bilen has berk hyzmatdaşlygy talap edýär. Nähili-de bolsa, urşuň başlanmagy bilen iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar kän üýtgemedi.
Gyrgyzystanyň Günbatarda ykdysady bähbitleri ýok, şonuň üçin hem Bişkek agyr basyma duş gelmedi. Russiýanyň sanksiýalardan sowlup geçmegine, Gyrgyzystan goňşularyna garanda has köp kömek edýän bolsa gerek.
Awtoryň ýazmagyna görä, Orsýetiň Ukraina garşy hüjümleri başlanandan soň, sebit Moskwanyň ýeňiş gazanylan halatynda, özlerine tarap nazaryny güýçlendirmegi bilen şonda Ukrainadaky ýagdaýa meňzeş şertler gaýtalanar öýdüp gorkýarlar. Nurzadanyň aýtmagyna görä, uly rus diasporasynyň ýaşaýan ýurdy bolan Gazagystanda aladalar has-da agyr.
Bu ýurtlardaky töwekgelçilik howpy Ukraina garanyňda has ýokary. Halkyň öz diktator hökümetlerine bolan çynlakaý närazylygy we terrorçy, şeýle hem separatist toparlaryň bolmagy Merkezi Aziýanyň aladasyny artdyrýan faktorlardyr. Eger-de, sebitde Ukrainada bolup geçen uruş başlansa, şoňa meňzeş ýagdaý gaýtalanar diýip, makalada aýdylýar.
Öňki diplomat "stanlarda" köpugurly syýasatyň geçmiş bolup galjakdygyna ynanýar. Sebit hökman Günbatar ýa-da Günbatar däl, şol sanda Hytaý, Russiýa, Eýran we beýleki döwletleri öz içine alýan blok bilen birleşmeli bolar.
Merkezi Aziýa üçin Günbatar bilen Russiýanyň arasyndaky saýlaw örän çylşyrymly mesele.Syýasy taýdan bu ýurtlar demokratiýany, söz azatlygyny we metbugat azatlygyny Günbatar tarapyndan hödürlenýän düzgünleriň görnüşinde bilmeýärler.Bu ýurtlar ykdysady taýdan tehnologiýa we maýa goýum üçin, Günbatara gitdigiçe bagly bolýarlar. Şol bir wagtyň özünde hem öňküleri ýaly, Russiýa bilen ýakyndan gatnaşyk edýär.
Sowetlerden soňky dörän respublikalaryň ykdysady we harby gurluşlary Russiýanyň nusgasy esasynda bolansoň, olara Moskwanyň täsirinden çykmak kyn. Ýöne bu mümkin diýip, makalanyň awtory jemlemesinde aýdýar.
Hytaý Russiýany Merkezi Aziýadan gysyp çykararmy?
Diplomat neşiriniň başga bir materialynda, Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletlerine täsirini artdyrýandygy we Orsýeti ol ýerden gysýandygy aýdylýar. Makalanyň awtory Rakşit Şetti, Hindistandaky Takşaşila institutynyň Hindi-Ýuwaş ummany gözleg programmasynyň bilermeni. Ol öz makalasynda, golaýda Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň Gazagystana döwlet sapary we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmagy Merkezi Aziýanyň geosyýasy ýagdaýynyň üýtgändigini görkezdi diýip ýazýar.
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde kabul edilen howpsuzlyk, söwda, maliýe we maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky resminamalar we Astana deklarasiýasy Hytaýyň täsiriniň ösýändigini, Orsýetiň täsiriniň bolsa gowşaýandygyny görkezýär diýip, barlagçy belleýär.
Hytaýyň guraýan her bir gün paneli we ýel elektrik beketleri arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryny diňe bir öz täsir ediş giňişligine çekmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň rus gazyna bolan garaşlylygyny-da azaldýar.
Si Jinpingiň saparyndan bir gün öň Hytaýyň resmi metbugatynda, Pekin bilen Merkezi Aziýanyň arasynda tebigy energiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada ýazylypdy.Makalada Hytaýyň "Goldwind Sci &Tech Co" kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde, sebitiň ýurtlarynda 319 müň kilowat-sagat energiýa öndürmäge ukyply ýel elektrik beketlerini gurnadygy barada aýdylýar.
Pekin Merkezi Aziýany öz täsirine çekmek bilen Russiýanyň täsirini gowşadýar diýip, awtor hasap edýär.Ol Şa Huanyň Amerikanyň Wall Street Journal neşirinde ýaňy-ýakynda çap eden makalasyna salgylanyp, Hytaýyň Geely we BYD awto ulaglarynyň rus “Lada” maşynlaryny özbek bazaryndan çykarandygyny aýdýar.
Bilermen Hytaýyň Gyrgyzystana eksporty 2023-nji ýylda 20 milliard dollara ýetendigini (ol 2021-nji ýylda ýedi ýarym milliard bolupdy), getirilen harytlaryň köp böleginiň gaýtadan Russiýa eksport edilendigini belleýär.Gazagystanyň daşary söwdasynda Hytaýyň paýy 2023-nji ýylda 21,3%-e ýetdi we Pekin Moskwadan öňe geçdi.
Makalada Hytaýyň ykdysady täsiri diňe söwda bilen çäklenmeýär diýip nygtalýar. Bir guşaklyk bir ýol başlangyjy Ýewropa bilen Hytaýy birikdirýän Gazagystany Ýewraziýanyň infrastruktura merkezine öwürdi.
Emma Pekiniň täsiriniň güýçlenmegine Ýewropa Bileleşigi, Pars aýlagyndaky ýurtlar ýaly, beýleki oýunçylar bilen bäsdeşlik päsgel berýär. Şeýle hem sebitiň ýaşaýjylarynda hytaýlylara garşy garaýyşlaryň bardygyna awtor ynanýar.
Makala Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.