Merkezi Aziýa-Hytaýa turbageçirijisi 400 mlrd kubmetr tebigy gaz daşady

Merkezi Aziýa-Hytaýa turbageçirijisi 400 mlrd kubmetr tebigy gaz daşady

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly 12 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hytaýa 400 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz daşaldy. Bu barada “PipeChina West Pipeline” kompaniýasyna salgylanyp, “Xinhua” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Degişli döwürde turbageçiriji arkaly tebigy gazyň iberilmegi 532 million tonna kömrüň ornuny tutmaga ýardam berdi. Bu bolsa öz gezeginde 8,8 million tonna zyýanly maddalaryň we 568 million tonna kömürturşy gazynyň azalmagyna deňdir.

2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen umumy uzynlygy 1 müň 833 km bolan turbageçirijiniň ýyllyk kuwwatlylygy 60 milliard kubmetre barabardyr. Gaz geçirijiniň üsti bilen gündelik daşalýan tebigy gazyň mukdary 160 million kubmetrden geçýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň araçäginden gözbaş alyp gaýdýan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi Özbegistan bilen Gazagystanyň çäklerinden geçip, Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Horgos serhet geçelgesinde Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi bilen birleşýär. Bu turba geçiriji Hytaýyň ilkinji transmilli gaz geçirijisidir. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystan hem-de Özbegistandan alynýar.

Türkmenistan geçen ýyl Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

Turbageçirji 27 sany welaýatyň, etraplaryň, sebitleriň we Gonkong ýörite administratiw etrabynyň 500 million ilatynyň tebigy gazdan peýdalanmagyna goldaw boldy.

Ýene degişli makalalar

I çärýekde Hytaý Merkezi Aziýadan 10,9 mlrd dollarlyk tebigy gaz satyn aldy
Merkezi Aziýadan Hytaýa 43,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi
Merkezi Aziýadan Hytaýa 40 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi
Merkezi Aziýadan Hytaýa 10 mlrd kub metrden gowrak gaz iberildi
Kiçi robotlar suw ýitgisini azaldar
Guterriş Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi