Täze taryhymyzda şöhlelenişi ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.Gahryman Arkadagymyz duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de umumy gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýanyň we halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmeginiň häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň hatarynda durýandygyny nygtady.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek mowzugy boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşykda çykyş edip, ýurdumyzyň käbir makroykdysady görkezijilerini mysal getirdi.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy.Gahryman Arkadagymyzyň GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.