Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy

12-njy maýda,Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi

12-njy maýda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Şu köptaraplaýyn duşuşyk hem bu maksatlara hyzmat edýär. Foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Türkmenistana geldiler.

Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Irden Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň “Oguzkent” myhmanhanasyna geldi we şol ýerde daşary ýurtly kärdeşlerini mähirli mübärekledi. Soňra Parlamentara foruma gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna tarap ugradylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy dürli wezipeleriň köpüsiniň çözülmegini göz öňünde tutýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we olaryň esasylary barada durup geçdi.

Türkmen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Gürrüňsiz, Merkezi Aziýanyň içinde hem-de Russiýa bilen gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ruhy diňe bir saklanyp galmak bilen çäklenmän, eýsem, pugtalandyrylmalydyr, ösdürilmelidir, uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan ugur bolmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy bilen duşuşdy
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
ЗАВЕРШИЛСЯ ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat