MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi.Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy.

Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyna geldiler.

Mejlisiň dowamynda taraplar sebit ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň iň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň esasy maksady Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk, şeýle hem onuň çäklerinde geçiriljek syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boldy. Bu duşuşygy şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Ministrler ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygyň gün tertibi barada pikir alyşdylar hem-de onuň şertnama-kanunçylyk binýadyny, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Guramaçylyk we protokol meselelerine hem jikme-jik seredildi.

Mundan başga-da, ministrler sebit meselelerine we köptaraplaýyn guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar, hem-de daşary syýasat ugry boýunça özara hereketleriň pugtalandyrylmagy barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Marko Rubionyň diňlenişiginde senator Merkezi Aziýanyň ähmiýetine ünsi çekdi
Türkmen hokkeýçileri hytaý toparyndan utulyp, 'söweş' üçin temmi aldy
'Yzyna gara düşdi'. Maryda birnäçe adam öz janyna kast etdi
Daşkentde Halkara Türk döwletleri uniwersiteti açylar
Türkmenabat: pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlary heniz-de dikeldilmedi
Ysraýyl Filadelfi Koridoryndan çekilmek üçin taýýarlyk görýär
Magtymgulynyň jedelli’ goşgularynyň doňdurylan çekişmesi’ haçan açylar?