Germaniýanyň Hristian Demokratik Bileleşiginiň müňden gowrak wekili partiýanyň täze liderine ses berdi.CDU-nyň häzirki lideri Annegret Kramp-Karrenbauer, goldawyň ýoklugyna salgylanyp, bir ýyl ozal gaýtadan saýlanmakdan ýüz öwürdi. Ýolbaşçy wezipesine dalaşgärleriň hemmesi erkek kişilerden ybarat boldy.
Ses berleşigiň netijesinde, Armin Laşet Germaniýada dolandyryjy Hristian Demokratik Bileleşigi (CDU) partiýasynyň täze başlygy boldy.CDU-nyň wekili Armin Laşet 521 ses, Fridrih Mers – 466 sese eýe boldy. Şeýlelik bilen, Armin Laşet sesleriň aglaba köplügini bilen ýeňiş gazandy.
Birinji tapgyra üç dalaşgär gatnaşdy: başlyk wezipesine Laşetden we Mersden başga-da öňki daşky gurşaw ministri, Bundestagyň Daşary syýasat komitetiniň başlygy Norbert Röttgen hem dalaş etdi. Olaryň hiç biri-de absalýut köplügi gazanyp bilmedi.
Armin Laşet Germaniýada iň köp ilatly Demirgazyk Reýn-Westfaliýa federal sebitiniň (Bawariýa bilen birlikde) Premýer-ministridir. Gurultaýdan öňki alyp baran kampaniýasynda eden çykyşynda ylalaşyk syýasatyny, nemes jemgyýetini birleşdirmegi goldaýandygyny, Kansler Angela Merkeliň syýasatyny üstünlikli dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Onlaýn ses berişlikden soň, kanuna laýyklykda, CDU-nyň gurultaýynyň wekilleri öz isleglerini ýazmaça tassyklamaly. Bu ýazmaça beýannamalaryň sanalmagy 22-nji ýanwarda berjaý ediler.
Täze hökümetiň döremegine sebäp boljak Bundestaga (Parlament) saýlawlar şu ýylyň 26-njy sentýabrynda geçiriler. Angela Merkel bu saýlawlardan soň syýasatdan çykjakdygyny eýýäm mälim etdi.
Konserwatiw bileleşik CDU-CSU-dan saýlawdan öňki sanawa kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi we şoňa görä-de Kansler wezipesine kimiň dalaşgär boljakdygy baradaky karar iki dogan partiýanyň arasynda geçirilen maslahatlardan soň kabul ediler. Munuň ýakyn aýlarda bolmagyna garaşylýar.
Bäsdeşligiň netijeleri belli bolndan soňra, ýeňiji şu ýylyň sentýabr aýynda Germaniýada geçiriljek Parlament saýlawlarynda Kansler wezipesine dalaşgär bolup biler. Şeýlelikde, 16 ýyldan soň ilkinji gezek Angela Merkel CDU-a ýolbaşçylyk etmejekdigi habar berilýär.
The post Merkeliň wezipesini dowam etdirer appeared first on Zaman Türkmenistan.