Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi

Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi

Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkel täze ýatlamalar kitabyny ýazdy, ol kitap dükanlarynda 26-njy noýabrda peýda bolar diýip, Bild neşirine salgylanýan Iz.ru habar berdi.

Merkel kitabyna Azatlyk diýip at berdi. Kitabyň daşynda syýasatçy zenanyň alyslara garap duran keşbi ýerleşdiriler. Kitap 30 ýurtda çykar we biziň döwrümiziň iň täsirli syýasatçylarynyň pikirlerine hem-de hereketlerine çuňňur düşünmäge ýardam eder diýlip, Bild neşiri ýazýar.

700 sahypalyk ýatlamalarynda Merkel 1954-2021-nji ýyllaryň aralygyndaky wakalary beýan edýär.

Kitap Kýoln şäheriniň Kiepenheuer and Witsch neşirýatynda çykar. Merkele onuň kanselýariýasynyň öňki başlygy Beata Bauman awtordaşlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Lukaşenko Bilen Merkel Immigrant Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy
Merkel we Lukaşenko Polşa serhedindäki bosgun krizisini ara alyp maslahatlaşdy
Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi
Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi