Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Belarussiýanyň Döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenko bilen geçiren 2-nji telefon söhbetdeşliginde, Lukaşenkodan Polşa serhedinde garaşýan bosgunlara ynsanperwer kömegiň berilmegi we olaryň yzlaryna gaýdyp gitmekleri üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegi üçin ýeňillikleriň döredilmegini isledi.
Germaniýanyň Federal Kanslerligi tarapyndan berilen beýanatda, Merkeliň Belarussiýa-Polşa serhedinde başdan geçirilýän bosgun krizis bilen baglanşykly Lukaşenko bilen 2-nji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi aýan edildi.
Germaniýanyň Federal Kanslerligi, Merkeliň telefon söhbetdeşliginde Lukaşenkodan BMG-nyň Bosgunlar Ýokary komissarlygynyň, Halkara Bosgun guramasynyň we Ýewropa Komissiýasynyň Polşa serhedinde garaşýan bosgunlara ynsanperwer kömegi bermeklerini we bosgunlaryň yzlaryna gaýdyp gitmekleri üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegi üçin ýeňillikleriň döredilmegini isländigi habar berildi.
Şu hepdäniň duşenbe güni bolsa Merkel we Lukaşenko takmynan 50 minut dowam eden telefon söhbetdeşligini geçiripdi.
Lukaşenko 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen Prezident saýlawynda gazanan üstünliginden soň ilkinji gezek Günbatarly bir lider bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy.