Türkiýäniň ilkinji balerini Meriç Sümeniň şol bir wagtda-da meşhur Bolşoý baletiniň taryhynda başrol oýnan ilkinji daşary ýurtly “prima balerindigini” bilýäňizmi?
Madan Ninette de Walois tarapyndan döredilen türk baletiniň ajaýyp ýyldyzy, 1943-nji ýylda doglan Meriç Sümen, Türkiýäniň ilkinji balerini we tanmal tansçy-kareograflaryndan biri.
1961-nji ýylda Ankaranyň Döwlet Konserwatoriýasynyň balet bölümini tamamlan Sümen, soň Ankaranyň Döwlet opera we baletinde işe başlaýar.Baş balerin derejesine laýyk görülen ilkinji sungat ussady bolýar.Ankaranyň we Stambulyň Döwlet opera-baletlerinden daşgary, ençeme ýurtda myhman sungat ussady hökmünde çykyşlar edýär, ençeme ýurtlarda balet derslerini berýär.
Halkara balet bäsleşiklerinde seçip alyş toparynyň agzasy hökmünde Türkiýä wekilçilik edýär.Milli we halkara derejede ençeme baýraga laýyk görülen Meriç Sümen, Moskada Bolşoý teatrda taryhda ilkinji gezek myhman baş tansçy bolup çykyş edýär.
Soň bolsa Bolşoý tans akademiýasynyň mugallymçylyk bölümini tamamlap, “Balet mugallymy” diplomyny alýar we Mimar Sinan uniwersitetiniň Stambulda Döwlet koserwatoriýasynda mugallymçylyk edýär.
Balet sungatynda Türkiýäniň ilkinji we ýeke-täk Döwlet sungat ussady derejesine eýe bolan Meriç Sümen, Döwlet opera we baletinin baş Müdiri bolup işleýär.